Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde guran hüjümlerinde asuda ilatdan 15 adam ýogaldy

Türk ýaragly güýçleri Idlibde çaknyşyksyz zolaga esger we harby enjam ornaşdyrmaga dowam edýär

1355159
Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde guran hüjümlerinde asuda ilatdan 15 adam ýogaldy

 

Siriýada, Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibde çaknyşyksyz zolakda guran hüjümlerinde asuda ilatdan 15 adam ýogaldy

Asada tabynlykdaky güýçler Idlib we Halap welaýatlaryna howadan we gury ýerden hüjüm gurady.

Oppozisionerleriň berýän beýanata görä, Asada tabynlykdaky güýçleriň guran hüjümerinde Idlibde 3, Halapda hem 4 adam ýogaldy.

Beýanata görä, rus harby uçarlarynyn Idlibiň şäher merkezinde guran hüjümlerinde bolsa asada ilatdan 8 adam ýogaldy.

Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleri Idlibde çaknyşyksyz zolaga esger we harby enjam ornaşdyrmaga dowam edýär



Degişli Habarlar