Eýran Hytaýyň Uhan şäherindäki 50 raýatyny ýurduna getirdi

“Ýurda getirlen raýatlar howa menzilinde ilkinji barlaglaryndan soň karantina üçin taýarlanan ýörite ýere alnyp gidildi”

1353703
Eýran Hytaýyň Uhan şäherindäki 50 raýatyny ýurduna getirdi

Eýran koronawirusy epidemiýasynyň başlan ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherindäki 50 raýatyny getirdi

Eýranly talyplaryň ISNA habarlar gullugyna beýanat beren Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Halk bilen gatnaşyklar bölüminiň başlygy Kiýanus Jihanpur “Ýurda getirlen raýatlar howa menzilinde ilkinji barlaglaryndan soň karantina üçin taýarlanan ýörite ýere alnyp gidildi” diýdi.

Jihanpur Hytaýdan gelen 50 adamyň  14 gün karantina astynda alynjakdygyny belledi.

Beýleki tarapdan Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokanç keseller merkeziniň başlygy Muhammed Mehdi Guýa, Hytaýdan gelen 50 adamda koronawirusyna gabat gelinmändigini aýtdy.

 


Etiketkalar: #koronawirus , #Hytaý , #Eýran

Degişli Habarlar