Hytaýyň Uhan şäherinde koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan ýazmaça beýanat berildi

1351818
Hytaýyň Uhan şäherinde koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hytaýyň Uhan şäherinde geçen ýylyň dekabr aýynda ýüze çykan we tiz depginler bilen ýaýran täze görnüş koronawirus epidemiýasynda ýogalan adamlaryň sany 361-e ýetdi.

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen ýazmaça beýanata görä, wirus ýokan adamlaryň sany 2 müň 296-synyň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 17 müň 205-e ýetdi.

Wirus ýokandygy şübhe edilýän adamlaryň sany 21 müň 558-e ýeten bolsa, bejergi astyna alynan adamlaryň sany 152 müň 700-e ýetdi.

Hytaýdan daşary, ýurdyň awtonom zolaklarynda wirus ýokan adamlaryň sany Gonkongda 15-e, Makauda 8-e, Taýwanda bolsa 10-a ýetendigi aýan edildi.


Etiketkalar: #koronawirus , #wirus , #Hytaý

Degişli Habarlar