Donald Tramp bilen Jastin Trýudo koronawirus epidemiýasyny ara alyp maslahatlaşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde, täze görnüş koronawirus epidemiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

1351945
Donald Tramp bilen Jastin Trýudo koronawirus epidemiýasyny ara alyp maslahatlaşdy

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanata görä, Tramp bilen Trýudo, gysga wagt ozal gol çekişilen ABŞ-Meksika-Kanada Söwda ylalaşygy bilen birlikde, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň (2019-nCoV) öňüniň alynmagy we ýaýbaňlanmagyna garşy çäre görmek babatynda iki ýurdyň hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar.

Liderler telefon söhbetdeşliginde, Hytaý Halk Respublikasynyň esassyz ýagdaýda tussag eden Kanadanyň 2 raýatynyň azat etmelidigi barada ylalaşyga geldiler.

Hytaý, dekabr aýynda içalylyk etmek aýyplamasy bilen Kanadanyň 2 raýatyny göz tussaglygyna alypdy.



Degişli Habarlar