Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanda asuda ilat ýitgileri dowam edýär

1351711
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň günbataryndaky Bathyz welaýatynyň Mukur etrabynda guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy.

Bathyzyň welaýat Şurasynyň başlygy Abdul Aziz Bek, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Mukur etrabynda terror guramasy Talibana garşy howa hüjüminiň guralandygyny habar berdi. 

Bek, hüjümde asuda ilatyň hem ýalňyşlyk bilen nyşana alynandygyny we hüjümde asuda ilatdan 3 adamyň ýoglandygyny mälim etdi. 

Bir gün ozal bolsa ýurdyň demirgazygyndaky Kunduz welaýatynda ABŞ tarapyndan guralan howa hüjüminde asuda ilatdan 5 adamyň ýogalandygy aýan edildi. 

Uruzgan welaýatynda motosikle ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 3 adam ýaralandy. 

Uruzgan welaýatynyň Trinkot şäherindäki hüjümde bombanyň Taliban tarapyndan ýerleşdirilendigi habar berildi. 


Etiketkalar: #Owganystan , #Bathyz

Degişli Habarlar