Ysraýyl, Irlandiýadaky we Norwegiýadaky Ilçilerini Yzyna Çagyrar
Ysraýyl, Palestina döwletini ykrar etjekdigini mälim eden Irlandiýadaky we Norwegiýadaky ilçilerini yzyna çagyrar
![Ysraýyl, Irlandiýadaky we Norwegiýadaky Ilçilerini Yzyna Çagyrar](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/9d0c/6652/97cc/664d9ca327493.jpg?time=1718729323)
Ysraýyl, Palestina döwletini ykrar etjekdigini mälim eden Irlandiýadaky we Norwegiýadaky ilçileriniň yzyna çagyrylmagy barada karar kabul etdi.
Ysraýylyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazçama beýannamada, Daşary işler ministri Katsiň Ysraýylyň Irlandiýadaky we Norwegiýadaky ilçilerini geňeşmeler üçin “gyssagly” ýurda çagyrandygy nygtaldy.
Beýannamada, Irlandiýa bilen Norwegiýanyň Palestina döwletini yrkar etjekdigini mälim edendigi sebäpli ilçileriň yzyna çagyrlandygy bellenildi.
Daşary işler ministri Kats, Ispaniýanyň hem Palestina döwletini ykrar etmek barada karar kabul eden halatynda Madritdäki ilçiniň yzyna çagyryljakdygyny ýatlatdy.
Irandiýadan soň Norwegiýanyň Daşary işler ministrligi halkara hukugyna we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň degişli kararyna laýyklykda Palestinany ykrar etjekdigini mälim edipdi.
Ispaniýanyň Premýer-ministri Padro Sançes hem ýurdunyň 28-nji maýda Palestina döwletini resmi taýdan ykrar etjekdigini aýan edipdi.
Degişli Habarlar
![Ermenistan Fransiýadan "Sezar" artilleriýa ulgamyny satyn alar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/6a60/665b/59e9/6671511db0c71.jpg?time=1718729323)
Ermenistan Fransiýadan "Sezar" artilleriýa ulgamyny satyn alar
"Sezar" artilleriýa ulgamlary fransuz goranyş senagaty kärhanasy "Nexter" tarapyndan öndürilýär