Hytaýda koronawirus epidemiýasynda ýogalan adamlaryň sany 213-e ýetdi

Şonuň bilen birlikde bejergi astyna alynan adamlaryň sany 102 müň 427-ä ýetdi

1350888
Hytaýda koronawirus epidemiýasynda ýogalan adamlaryň sany 213-e ýetdi

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykan we örän tiz depginler bilen ýaýran täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasynda ýogalan adamlaryň sany 213-e, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 9692-ä ýetdi.

Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasyndan berilen beýanata görä, ýurdyň çar tarapyndan täsirini artdyrýan täze görnüş koronawirus (2019-nCoV) epidemiýasy sebäpli 213 adam ýogaldy.

Wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 1527-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen 9692-ä ýetdi.

Wirus ýokandygy çak edilýän adamlaryň sany bolsa 15 müň 238-e ýetdi.

Şu günki güne çenli 171 adam saglyk ýagdaýy gowylanyp, öýüne iberildi.

Şonuň bilen birlikde bejergi astyna alynan adamlaryň sany 102 müň 427-ä ýetdi.


Etiketkalar: #Uhan , #bejergi , #Hytaý , #koronawirus

Degişli Habarlar