Eýranda düýn bolan ýer titremede ýaralanan adamlar bar

Eýranyň Pars welaýatynyň merkezi şäheri Şirazda düýn bolan 5,4 bal ululygyndaky ýer titremede 33 adamyň ýaralanandygy aýan edildi

1348831
Eýranda düýn bolan ýer titremede ýaralanan adamlar bar

Pars habarlar agentligine beýanat beren Pars welaýatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar merkeziniň başlygy Muhammed Jewad Muradiýan, güýç merkezi Şirazyň Hane Zinýan şäherçesi bolan düýnki ýer titremede 33 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Muradiýan, ýaralanan adamlaryň 2-siniň hassahanada, beýlekileriniň bolsa aýakda bejergi edilendigini mälim etdi.

Eýranyň Krizis dolanşyk guramasynyň resmisi Ali Bahtiýari bolsa Şirazyň 37 obasyndaky öý we iş ýerlerine zyýan ýetendigini aýan etdi.

Bahtiýari, iň köp zyýanyň bolsa Kemerabad Armendi obasyjna ýetendigini nygtady.


Etiketkalar: #ýer titreme , #Şiraz , #Pars , #Eýran

Degişli Habarlar