Eýran, Ukraina degişli ýolagçy uçaryň iki raketa bilen ýere gaçyrylandygyny tassyklady

Eýranyň Raýat awiasia guramasy, 8-nji ýanwarda Tähranyň golaýynda ýere gaçyrylan Ukraina degişli uçaryň 2 raketa bilen od açylyp, ýere gaçyrylandygyny tassyklady

1344722
Eýran, Ukraina degişli ýolagçy uçaryň iki raketa bilen ýere gaçyrylandygyny tassyklady

Raýat awiasia guramasynyň Awariýa bölüminiň taýarlan deslapky habarnamasynda, Ukraina degişli ýolagçy uçaryň gysga menzilli TOR-M1 howa goranyş ulgamyndan atylan 2 raketa bilen ýere gaçyrylandygy mälim edildi.

Halkara Raýat awiasia guramasynyň düzgünlerine görä döredilen komissiýanyň işlerini dowam etdirýändigi, Ukrainadan iberilen hünärmenleriň hem şol toparyň düzüminde iş alyp barýandygy aýan edildi.

Habarnamada mundan başgada, uçaryň gara gutularynyň düzümini okamak üçin Eýranda ýeterlik derejede mümkinçilikleriň bolmandygy we gara gutularyň Eýranda analiz edilmegi üçin Fransiýadan we ABŞ-den gerek bolan enjamlaryň iberilmegi barada talap bildirilendigi, emma bu talaba entek oňyn jogap berilmändigi habar berildi.

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine gitmek maksady bilen Tähran halkara Ymam Humeýni howa menzilinden uçan Boeing 737 kysymly ýolagçy uçar, 8-nji ýanwarda çarşenbe güni irden howa galanyndan gysga wagt soň ýere gaçypdy. Wakada uçardaky 176 adam ýogalypdy.

Resmi Tähran, uçaryň başda Eýranyň goşuny tarapyndan ýere gaçyrylandygyny ret etdi, emma wakadan 3 gün soň Eýranyň Baş ştaby ýolagçy uçaryň kruiz raketasy hökmünde kabul edilendigini we gysga menzilli raketa bilen ýalňyşlyk bilen od açylyp ýere gaçyrylandygyny boýun alypdy.  


Etiketkalar: #Ukraina , #uçar , #Eýran

Degişli Habarlar