Donald Tramp 50-nji Bütindünýä Ykdysady forumynda çykyş etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýurdundaky ykdysady görkezijileriň ajaýypdygyny beýan etdi

1344830
Donald Tramp 50-nji Bütindünýä Ykdysady forumynda çykyş etdi

Donald Tramp, Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirilýän 50-nji Bütindünýä Ykdysady forumda eden çykyşynda, 2 ýyl ozal bu ýerde beýik Amerikanyň gaýdyp geliş etabyny başladandyklaryny belledi.

Tramp: “Şu gün ABŞ-nyň dünýäniň ozal hiç görmedigi ýagdaýda ykdysady partlama bilen gurşalandygyny yglan etmekden buýsanýaryn” diýip nygtady.

Çykyşynda rekord derejedäki azalan işsizligiň, birža girdejileriniň, Hytaý bilen gazanylan Söwda ylalaşygynyň, ABŞ-nyň Senaty tarapyndan tassyklanan ABŞ-Meksika-Kanada ylalaşygynyň üstünde durup geçen Tramp, ýurdundaky ykdysady görkezijileriň ajaýypdygyny aýan etdi.

Tramp: “Amerika ösýär, Amerika baýaýar, Amerika ozal hiç haçan bolmaýşy ýaly girdeji alýar” diýip mälim etdi.  

Donald Tramp çykyşynda, ABŞ-nyň Bütindünýä Ykdysady forumynyň dünýäde 1 trillion agajyň ekilmek bilen bagly programmany durmuşa geçirjekdigini habar berdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Dawos , #Donald Tramp

Degişli Habarlar