Asada tabynlykdaky güýçler Halapyň günbataryna we günortasyna hüjüm edýär

Russiýanyň harby uçarlary düýn we şu gün Idlibiň günortasyndaky Maarratürnumana garşy guralan hüjümlere hem goşulypdy

1342677
Asada tabynlykdaky güýçler Halapyň günbataryna we günortasyna hüjüm edýär

Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçler we Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçy toparlar, Halap sebitiniň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynyň çäginde ýerleşýän günbatar we günorta taraplaryna gury ýer hüjümlerini başlatdy.

Ady agzalan terrorçy toparlar, geçen hepde bolsa Halap, Deýr-Ez-Zor, Hama we Latakiýa welaýatlaryndan iberen harby enjamlary we esgerleri bilen, Halap welaýatynyň günbatarynda we günortasynda taýarlyklaryny tamamlapdylar.

Sebite Eýranyň Ynkylap goragçylary, Iýerusalim birikmesini, 104-nji birikme we 4-nji Harby goşunyň Gaýs güýçlerinden ybarat harby toparlar, köp sanda taňk we sowutly ulag gönükdirilipdi.

Halap welaýatynyň obalyk ýerlerine guralan hüjümlere düýn Russiýanyň harby uçarlary hem goldaw beripdi.

Russiýanyň harby uçarlary düýn we şu gün Idlibiň günortasyndaky Maarratürnumana garşy guralan hüjümlere hem goşulypdy.


Etiketkalar: #Russiýa , #Siriýa

Degişli Habarlar