Yrakda guralan bombaly hüjümde 6 howpsyzlyk işgäri ýogaldy
Bombaly hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady
1342028
Yragyň günbatarynda Saud Arabystan serhediniň golaýynda guralan bombaly hüjümde 6 howpsyzlyk işgäri ýogaldy.
Goranmak ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Anbar welaýatyndaky Nuhib etraby bilen Saud Arabystan serhedinde ýerleşýän Arar gümrük geçelgesiniň arasyndaky ýolda bombaly ulagyň ýarylandygy nygtaldy.
Beýanatda partlama sebäpli 6 howpsyzlyk işgäriniň ýogalandygy bellenildi.
Bombaly hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.
Degişli Habarlar
Eýranda Bolan Partlamada Ýogalanlaryň Sany 49 Adama Ýetdi
Günorta Horasan welaýatynyň Tebes etrabynda kömür käninde 21-nji sentýabr gijesi partlama bolupdy.