ABŞ bilen Hytaý söwda şertnamasyny baglaşdy

"Şertnama öwrülşik nokady bolar"

1341953
ABŞ bilen Hytaý söwda şertnamasyny baglaşdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaýyň Premýer ministriniň orunbasary Liu He, Ak Tamda geçirlen dabarada ABŞ bilen Hytaýyň arasynda birinji tapgyrlaýyn söwda şertnamasyny baglaşdy.

Tramp şertnama gol çekişlik dabarasynda eden çykyşynda, şertnamanyň öwrülşik nokadydygyny belledi.

“ Şu gün Hytaý bilen birinji tapgyrlaýyn söwda şertnamasyny baglaşýarys” diýen Tramp, ýakynda Hytaýa gitjekdigini aýtdy.

Hytaýyň Premýer ministriniň orunbasary Liug hem, şertnamanyň ähmiýetine ünsi çekdi we iki ýurduň arasyndaky söwda şertnamasynyň täze döwrüň başlangyjy boljakdygyny we hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine ynanýandyklaryny belledi.

ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşi, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň 2018-nji ýylyň mart aýynda Hytaýdan import edilýän käbir harytlardan goşmaça salgyt talap etmegi sebäpli başlapdy.

 



Degişli Habarlar