ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guralan hüjümde Yragyň howpsyzlyk güýçlerinden ölen ýiten ýok

Eýran, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna hüjüm gurady

1336665
ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guralan hüjümde Yragyň howpsyzlyk güýçlerinden ölen ýiten ýok

Yragyň hökümeti, Eýranyň, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna guran hüjüminde Yragyň howpsyzlyk güýçlerinden ölen ýiteniň bolmandygyny mälim etdi.

Yragyň hökümeti tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “Yrakda 01.45-02.15 aralygynda 22 raketa hüjümü guraldy. Ady agzalýan hüjümleriň 17-si Aýn Al Asad howa bazasyny, 5-i bolsa Erbil şäherindäki ABŞ-nyň bazasyny nyşana aldy” diýildi.

Beýanatda, raketa hüjümlerinde Yragyň howpsyzlyk güýçlerinden ölen ýiteniň bolmandygyna üns çekildi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #howa hüjümi , #Yrak

Degişli Habarlar