Ukraina ABŞ-dan “Žawelin” raketasyny alar

Bu barada Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary habar berdi

1330532
Ukraina ABŞ-dan “Žawelin” raketasyny alar

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anadoliý Petrenko “Žawelin” antitank raketasynyň ikinji tapgyrynyň alynmagy boýunça ABŞ bilen ylalaşandyklaryny aýtdy.

Petrenko paýtagt Kiýewde geçiren metbugat ýygnagynda “Žawelin” raketasyny NATO-nyň Goldaw we üpjünçilik gullugynyň üsti bilen alandyklaryny nygtap: “Goranmak ministrligi ABŞ-nyň önümi bolan “Žawelin” antitank raketasynyň ikinji tapgyrynyň aluwy boýunça ylalaşdy. Ol biziň üçin hakykatdan hem möhüm ylalaşyk” diýdi.

Ukrainanyň kiber uruş we gözegçilik beketlerini almak üçin hem isleg bildirendigini aýdan Petrenko, döwrebap ýaraglaryň we harby enjamlaryň gysga möhletde harby goşunyň inwentaryna goşulmagy ugrunda tagalla edýändiklerini aýtdy.

ABŞ Ukraina 2018-nji ýylda gymmaty 47 million dollara barabar bolan 210 sany “Žawelin” antitank raketasyny we 37 sany “Žawelin” atyş desgasyny gowşurypdy.



Degişli Habarlar