Wengriýa “TürkAkym” taslamasyny goldaýar

Wegriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Szižžarto “TürkAkym” tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň ýurdunyň energiýa howpsyzlygyny güýçlendirjekdigini aýtdy

1329845
Wengriýa “TürkAkym” taslamasyny goldaýar

Szižžarto “Wenger” habarlar gullugyna beren beýanatynda “TürkAkym” tebigy gaz taslamasynyň Serbiýa bölegindäki 403 kilometrlik işleriň tamamlanmagyna kanagatlanma bildirdi.

Wenger ministri taslamanyň ýurdunyň energiýa howpsyzlygyny güýçlendirjekdigini nygtap, ýurdy bilen bagly bölegiň meýilleşdirilişi ýaly dowam edýändigini hem nygtady.

Szižžarto 2021-nji ýyldan başlap turba geçirijisinden Wengriýa ýylda 9,8 milliard m3 tebigy gazyň geljekdigini belläp: “Günbatardan aýdylýan tankydy bellikleriň ählisi ýerliksiz. Çünki täze turba geçirijiniň ugrunda ýerleşýän 4 Ýewropa ýurdundan 3 sanysy NATO agza” diýdi.

“TürkAkym” tebigy gaz geçiriji taslamasy bilen Russiýanyň tebigy gazy Gara deňiziň üsti bilen Türkiýä we ol ýerden hem Ýewropa akdyrylar.



Degişli Habarlar