Habarowskda Su-57 uçarynyň ýere gaçandygy habar berilýär

Russiýanyň Habarowsk oblastynda bäşinji tapgyr rus harby uçary Su-57-niň synag uçuşynyň dowamynda ýere gaçandygy öňe sürüldi

1328618
Habarowskda Su-57 uçarynyň ýere gaçandygy habar berilýär

“TASS” habarlar gullugynyň Komsomolsk Na Amure sebitiniň resmilerine esaslandyrýan habaryna görä Su-57 synag uçuşynyň dowamynda tokaýlyk meýdana gaçdy.

Halas ediş ulgamyndan peýdalanan uçarman paraşüt bilen tokaýlyga düşdi.

Gündogar harby zolagynyň metbugat gullugy tarapyndan sebitde Su-57 kysymly uçaryň ulanylmaýandygy beýan edilýän bolsa, haýsydyr bir awiawakanyň kesgitlenmändigi habar berildi.

Gulluk heläkçilik hakynda haýsydyr bir garaýyş beýan etmekden çetde durdy.



Degişli Habarlar