Eýranda 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Ýer titremesiniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy habar berildi

1327618
Eýranda 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy

 

Eýranyň Huzistan welaýatynyň Dezful etrabynda 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Tahran uniwersitetinden berlen beýanata görä, Huzistan welaýatynyň Dezful etrabynyň Salend etrapçasynda ýerli wagt bilen 14,57-de 5 bal ulygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy habar berildi.

Ýer titremesinde ölen-ýiteniň bolup bolmandygy hakynda hiç hili beýanat berilmedi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #ýer titremesi

Degişli Habarlar