Tramp: "Türkiýe NATO agza bir ýurt" diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiýäniň NATO agza bir ýurtdugyny belledi

Tramp: "Türkiýe NATO agza bir ýurt" diýdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Britaniýanyň paýtagty London şäherinde NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirdiler.

Tramp ol ýerde eden çykyşynda, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň “NATO-nyň beýnisiniň ölendigi” baradaky beýanatyny, “Örän edepsiz” diýip belläp geçdi.  

Tramp, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň fransuz liderine geçen hepde beren jogabyny göz öňünde tutup: “Türkiýe hem Makronyň beýnisiniň ölendigini belledi” diýip nygtady.

Türkiýäniň NATO-nyň gowy bir agzasydygyny aýdan Tramp: “Türkiýe bilen gowy gatnaşyklarymyz bar. Ençeme ýyllap serhetleriniň golaýynda galdyk, indi bolsa yza çekildik. Gowy işleýärler. Terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçysy Bagdada garşy geçirilen operasiýada Türkiýä uly goldaw berdi. Has gowy etdi, mundan köp kömek edip bilmezdi” diýip aýan etdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem öz gezginde: “Türkiýe harby operasiýasyny bes etdi. Mundan soň syýasy çözgüt üçin tagalla etmelidiris” diýip belledi.



Degişli Habarlar