Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy şol bir wagtda operasiýa başladyldy

Operasiýa Yragyň Howa güýçlerine degişli harby uçarlar hem goldaw berýär

1312941
Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy şol bir wagtda operasiýa başladyldy

Yragyň Kerkuk we Selahaddin welaýatlarynda terror guramasy DAIŞ-e garşy şol bir wagtda operasiýa başladyldy.

Kerkugyň günortasynda we Salahaddin welaýatynyň Tuzhurmatu etrabynyň golaýynda başladylan operasiýanyň 3 gün dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.

Operasiýa Yragyň Howa güýçlerine degişli harby uçarlar hem goldaw berýär.

Terror guramasy DAIŞ 2014-nji ýylyň iýun aýynda Mosulyň başda durmagynda Yragyň territoriasynyň 3/1 bölegini ele geçiripdi.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri 2017-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa DAİŞ-iň gözegçiligi astynda ýerleriň esasy bölegini yzyna alypdy

Emma muňa garamazdan terror guramasy DAIŞ, Kerkuk, Diýala, Mosul, Salagaddin we Anbar welaýatlarynda hüjümlerini dowam etdirýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar