Eýran Saud Arabystanyny günäkärleýär

Eýranyň Polis güýçleriniň Din we syýasat bölüminiň başlygy Ali Ryza Adýani ýurdundaky protest ýörişlerini Saud Arabystanynyň goldandygyny öňe sürdi

1311591
Eýran Saud Arabystanyny günäkärleýär

Adýani: “Saklanan adamlaryň soragynda käbirleriniň Saud Arabystany, Halkyň mujahitleri guramasy we Şanyň tarapdarlary bilen arabaglanşygynyň bardygy anyklandy. Wakalarda başda durýanlardan 182 adamy duşmanlar gönükdirýärdi” diýdi.

Protest aksiýalarynda howpsyzlyk güýçleri bilen demonstrantlaryň arasynda bolan çaknyşyklary howpsyzlyk söweşi hökmünde häsýetlendiren Adýani, ýurduň duşmanlarynyň maksadynyň Eýrany Siriýa we Yraga öwürmekden ybaratdygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Amerikanyň sanksiýalarynyň hem täsiri bilen ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýän Eýranyň halky 15-nji noýabr anna güni benziniň bahasynyň 3 esse ýokarlandyrylmagyndan soň ýurduň köp sanly şäherinde protest aksiýalaryny başladypdy.

Halkara Günägeçişlik guramasy wakalaryň dowamynda azyndan 115 demonstrantyň ýogalandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar