Amerikaly milliarder Blumberg ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär

“Doland Trampy ýeňmek we ABŞ-ny ýaňadandan gurmak üçin ABŞ-nyň prezidentligi üçin bäsleşerin”

1311606
Amerikaly milliarder Blumberg ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär

 

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň ozalky häkimi Maýkl Blumberg 2020-njy ýylda geçiriljek prezident saýlawy üçin Demokrat partiýadan resmi taýdan dalaşgärdigini mälim etdi.

Blumberg mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda “Doland Trampy ýeňmek we ABŞ-ny ýaňadandan gurmak üçin ABŞ-nyň prezidentligi üçin bäsleşerin” diýdii.

Trampyň ýene-de 4 ýyl “biperwaý we ahlaksyz” çemeleşmelerine çydam edip bilmejekdigini aýdan Blumberg “Tramp ýurdumyz we gymmatlyklarymyz taýdan howply. Eger ýene-de bir gezek prezidentlige saýlanan halatynda Tramp sebäpli çekilen ýitginiň öwezini doldurup bilmeris” diýdi.

36 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlaryndan biri hökmünde bilinýän 77 ýaşyndaky Bolumberg, 2003-2013-nji ýyllarda Nýu-Ýork şäheriniň häkimi weziepsini ýerine ýetiripdi.

ABŞ-da 2020-njy ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriljek prezident saýlawlary üçin Demokrat partiýadan Bolumbergden daşary ýene-de 17 dalaşgär bäsleşýär

Sowalnamalara görä, ozalky Prezident Barak Obama döwründe ABŞ-nyň Wise-prezidenti wezipesini ýerine ýetiren Jo Baýden bäsleşikde öňde barýar.

 



Degişli Habarlar