Eýrandaky protestler dowam edýär
Eýranyň Huzistan welaýatynyň Mahşehr etrabynda protestçiler bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 1 polisiýa işgäri ýogaldy, 2 polis bolsa ýaralandy
Tabnak habar saýtynda, Polisiýa gullugynyň Ýöriteleşdirilen güýçleriniň serkerdesi Hasan Keriminiň beýanatyny çap etdi.
Şoňa laýyklykda Kerimi: “Mahşehr etrabynda duşenbe güni demonstrantlar bilen bolan ýaragly çaknyşykda Polisiýa gullugynyň kapitany Ryza Seýýad ýogaldy, 2 polisiýa işgäri ýaralandy” diýip habar berdi.
Şeýlelik bilen ýurtda protestleriň başlan gününden bäri ýogalan howpsyzlyk işgärleriniň sany 6-a ýetdi.
ABŞ-nyň sanksiýalarynyň hem täsiri bilen kyn günleri başyndan geçirýän Eýranyň halky, 15-nji oktýabrda anna güni benziniň bahalarynyň gymmatladylmagyndan soň, ýurdyň ençeme ýerinde demonstrasiýalar geçirdiler.
Demonstrasiýalarda ýurdyň ençeme şäherindäki döwlet edaralaryna zyýan ýetdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.