Fransiýa DAIŞ-e garşy göreş meselesinde Türkiýe bilen gepleşik geçirmek isleýär

Mühll Türkiýeden çykaryljak ve Fransiýa ugradyljak DAIŞ-e agza terrorçylar barada ýazmaça beýanat berdi

1305469
Fransiýa DAIŞ-e garşy göreş meselesinde Türkiýe bilen gepleşik geçirmek isleýär

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Agnes Von Der Mühll, ýurdunyň Siriýanyň demirgazyk gündogarynda başdan geçirilýän vakalar ve terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş meselesinde Türkiýe bilen gepleşik geçirmek isleýändigini nygtady

Mühll Türkiýeden çykaryljak ve Fransiýa ugradyljak DAIŞ-e agza terrorçylar barada ýazmaça beýanat berdi.

“Fransiýa, Siriýanyň demirgazyk gündogarynda başdan geçirilýän vakalar ve terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş meselesinde Türkiýe bilen gepleşik geçirmek isleýär”diýen Mühll, DAIŞ-li terrorçylaryň Fransiýa üçin bolşy ýaly Türkiýe hem hovpsyzlyk taýdan esasy meseledigini ýatlatdy.

Mühll DAIŞ-li terrorçylaryň ýagdaýy meselesiniň ertir Vaşingtonda geçiriljek DAIŞ-e garşy halkara koalisiýanyň maslahatynda gün tertibine getiriljekdigini belledi.

Fransuz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda, Türkiýäniň Fransiýanyň DAIŞ-li 11 fransuz terrorçyny yzyna ugratjakdygy nygtalýar

 

 

 



Degişli Habarlar