Erdogan: “Siziň kürt diýýänleriňiz PKK-dan ybarat”

Erdogan ABŞ-na saparynyň çäginde käbir Respublikaçy Senatorlaryň gatnaşmagyndaky maslahata gatnaşdy

1306076
Erdogan: “Siziň kürt diýýänleriňiz PKK-dan ybarat”

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen bilen bilelikde käbir resmileriň kürt häsýetlendirýän toparynyň aslyna seredilende terror guramasy PKK-dan ybaratdygyny nygtady.

Erdogan ABŞ-na guraýan iş saparynyň çäginde Prezident Tramp bilen özara we toparara duşuşyklardan soň käbir Respublikaçy Senatorlaryň gatnaşmagyndaky maslahata gatnaşdy.

Erdogan maslahatda kürtleri dogan hökmünde kabul edýän Türkiýäniň iň köp kürt ilaty özünde jemleýän ýurt bolup durýandygyny, ozal Amerikan Preizdenti Barak Obamanyň döwründe Siriýadan Türkiýä 350 müň kürdüň göçendigini nygtrap: “Siziň kürt diýýänleriňiz bolsa PKK/PÝD/ÝPG. Olar terror guramasy” diýdi.

Prezident Erdogan kod ady Mazlum Kobani bolan terrorçynyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň baştutanynyň ogullygydygyny hem nygtady.

Erdogan Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän Howpsyz zolaga 6 aý bilen 2 ýylyň dowamynda 2 million bosgunyň ornaşdyrylmagy üçin maksatnamalaryň we taslamalaryň taýardygyny nygtady.

Soň Erdogan we Tramp bilelikdäki metbugat ýygnagyna başladylar.



Degişli Habarlar