ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy Owganystanda asuda ilaty nyşana aldy

Hüjümde asuda ilatdan 7 adamyň ýogaldy

1305320
ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy Owganystanda asuda ilaty nyşana aldy

Owganystanyň Paktiýa welaýatynda ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy

Mesele hakynda welaýat häkimliginden berlen beýanatda, ABŞ-nyň ýaragly güýçlerine degişli uçarmansyz howa ulagynyň Paktiýa welaýatynyň Arýub Zazai etrabynda asuda ilaty nyşana alandygy nygtaldy.

Beýanatda hüjümde asuda ilatdan 7 adamyň ýogalandygy we ýogalanlaryň arasynda çagalaryň hem bardygy bellenildi.

ABŞ-nyň Owganysandaky harby merkezinden bolsa mesele hakynda heniz hiç hili beýanat berildi.

 



Degişli Habarlar