Russiýanyň harby polisiýasynyň gözegçilik işleri dowam edýär

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda Siriýanyň demirgazygynda Russiýanyň Harby polisiýasynyň täze ýerlerde gözegçilik işlerini geçirýändigini habar berdi

1295899
Russiýanyň harby polisiýasynyň gözegçilik işleri dowam edýär

 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Siriýadaky Taraplary Ylalaşdyrma merkezinden berilen beýanatda, Russiýanyň harby polisiýasynyň ylalaşyga laýyklykda Siriýa-Türkiýe serhedinde patrullyk işlerini geçirýändigini aýan etdi.

Beýanatda: “Russiýanyň harby polisiýasy Ajemi-Karakoza-Kobani-Koran, Kamyşly-Fakira, Kamyşly-Simalka liniýalarynda patrullyk işlerini geçirdi” diýip nygtaldy.  

Iki ýurdyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda ertir agşama çenli sebitdäki ähli ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň çykarylmagynyň gerekdigi bellenen beýanatda: “29-njy oktýabr sagat 18:00-a çenli kürt harby güýçleriniň we ýaraglarynyň Siriýa-Türkiýe serhediniň 30 km daşyna çykarylmagy gerek. Mundan soň Parahatçylyk çeşmesi operasiýasynyň serhetleriniň çäginde günbatarynda we gündogarynda 10 km çuňlukda, Kamyşly şäherinden daşary Türk-Rus gözegçilik işleri başlar” diýip habar berildi.

Mundan başgada terror guramasy ÝPG agza terrorçylaryň ýaraglary bilen bilelikde Manbij we Tel-Ryfatdan çykarylmalydygy aýdylýan beýanatda: “Bu işleriň durmuşa geçirilmegi, Siriýa-Türkiýe serhedindäki ýagdaýy durnuklylyga getirmäge ýardam eder” diýip nygtaldy.



Degişli Habarlar