Russiýa degişli onlarça sowutly ulag Siriýa bardy

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Soçide gazanylan ylalaşyga laýyklykda Howpsyz zolakda gözegçilik işlerini geçirmek üçin onlarça sowutly ulagyň Siriýa barandygy mälim edildi

1295511
Russiýa degişli onlarça sowutly ulag Siriýa bardy

Ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda Soçide gazanylan ylalaşyga laýyklykda Howpsyz zolakda gözegçilik işlerini geçirmek üçin onlarça sowutly ulagyň Siriýanyň Hymeýmim awiabazasyna barandygy habar berildi.

Ulaglaryň terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylary we olaryň ýaraglaryny Siriýa-Türkiýe serhediniň 30 km daşyna çykarylmagyna kömek berjek Russiýanyň harby polisiýasyna ýetiriljekdigi mälim edildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ozal bolsa takmynan 300 rys harby polisiýasynyň Türkiýe-Siriýa serhedine barandygyny aýan edipdi.



Degişli Habarlar