Meksikada ýene-de 9 adamyň jesedi tapyldy

Meksikanyň günortasynda ýerleşýän Guerreroda ştatynda ýene-de 9 adamyň jesedi tapyldy

1294426
Meksikada ýene-de 9 adamyň jesedi tapyldy

Guerrero ştatynyň Prokuraturasyndan berilen beýanatda, ştatyň Zitala şäherinde ýoluň gyrasynda 9 adamyň jesediniň tapylandygy mälim edildi.

Beýanatda, 9 adamyň iki ýaragly toparyň arasynda ýüze çykan çaknyşykda ölendikleri habar berildi.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

Guerrero ştaty soňky ýyllarda neşe söwdasyny edýän toparlaryň sebäp bolýan wakalaryň köp başdan geçirilýän ýeri hökmünde tanalýar.


Etiketkalar: #jeset , #waka , #ştat , #Meksika

Degişli Habarlar