Russiýanyň Soçi şäherinde Russiýa-Afrika Ykdysdy forumy geçirilýär

Putin ol ýerde eden çykyşynda, Afrikanyň global ykdysadyýetiň merkezi ýagdaýyna gelendigini habar berdi

1293511
Russiýanyň Soçi şäherinde Russiýa-Afrika Ykdysdy forumy geçirilýär

Russiýa-Afrika ýokary derejeli maslahatdan ozal geçirilen foruma, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen birlikde Afrikanyň 40 ýurdunyň lideri we sebitleýin guramalaryň wekilleri gatnaşdy. 

Putin ol ýerde eden çykyşynda, Afrikanyň global ykdysadyýetiň merkezi ýagdaýyna gelendigini habar berdi. 

Russiýa-Afrika ýurtlarynyň arasyndaky söwda kuwwadynyň 5 ýylda 20 milliarda dollardan hem artandygyny bellän Putin: "Afrikada ösüş potensialyna eýe köp hyzmatdaşymyz bar. Elbetde bu dereje ýeterlik däl" diýip nygtady. 

Putin Russiýanyň Afrika 15 milliard dollarlyk ýarag eksport edendigini habar berdi. 

Russiýanyň baştutany Putin, forumdan soň Günorta Afrikanyň, Namibiýanyň, Efiopiýanyň we Müsüriň liderleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi. 

 


Etiketkalar: #Afrika , #Russiýa

Degişli Habarlar