“Türk goşuny terrorçylaryň üstünden geçer”

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow terror guramasy ÝPG/PKK Siriýa serhedinde çekilmegi üçin duýrduryş berdi

1293112
“Türk goşuny terrorçylaryň üstünden geçer”

Peskow Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda düýn gazanylan ylalaşyk barada beýanat berdi.

ABŞ-nyň soňky ýyllarda terror guramasy ÝPG/PKK-nyň agzalarynyň iň ýakyn hyzmatdaşydygyny belläp geçen Peskow: “Şonuň netijesinde ABŞ olary taşlap gitdi, bir görnüşde dönüklik etdi. İndi olary serhetde taşlap türkler bilen söweşdirmegi saýlap alýarlar” diýdi.

Peskow ylalaşyga laýyklykda terror guramasy ÝPG/PKK-nyň serhetden çekilmelidigini nygtap: “Eger çekilmeseler Siriýa serhediniň howpsyzlygy we rus harby polisi çekilmäge mejbur bolar. Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda çekilmän halatynda türk goşuny olaryň üstünden geçer” diýdi.

 



Degişli Habarlar