Erdogan-Putin duşuşygy rus metbugatynda giň seslenme döretdi

Russiýanyň Soçi şäherinde Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygy rus metbugatynda giň seslenme döretdi

1293305
Erdogan-Putin duşuşygy rus metbugatynda giň seslenme döretdi

Metbugatda çykan habarlarda duşuşykda Siriýanyň ykbalyny kesgitleýji başlangyçlar üçin karara gelinendigi nygtalýar.

Rus habarlar gullugy “RİA Nowosti: “Putin bilen Erdogan ykbal kesgitleýiji beýanat berdiler” söz başyly habarynda, iki ýurduň hem Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagynda ygrarlydygyny beýan edýär.

“Kommersant” gazeti duşuşygyň dowamynda gol çekişilen Ylalyşyk jarnamasynyň ähmiýetine ünsi çekip; “Ylalaşyk Siriýanyň ykbalyny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe. Duşuşyk Siriýada başga urşuň turmagynyň öňüni aldy” diýip ýazýar.

Duşuşygyň 6 sagada golaý dowam edendigine ünsi çekýän “Wedmosti” gazeti bolsa Russiýa bilen Türkiýäniň Siriýadaky howpsyz zolagyň serhetleri boýunça ylalaşandygyny ýazdy.

Habarlar “TASS” duşuşygy: “Russiýa bilen Türkiýe Siriýada ekstremistlere garşy bilelikde göreşmek üçin ylalaşdy” söz başysy bilen berdi.

 



Degişli Habarlar