Ýapon Imperatory Naruhito,“Takamikura” tagtyna çykdy

Ýapon şa aýaly Masako hem resmi taýdan Miçoodai tagtyna çykdy

1292367
Ýapon Imperatory Naruhito,“Takamikura”  tagtyna çykdy

Ýaponiýanyň 126-njy Imperatory Naruhito, dabaraly ýagdaýda tagtyna çykdy

Ýapon İmperatory Naruhito paýtagt Tokýoda Imperatorlyk köşgünde geçirlen adaty dabarada ýurtda “kasympaty” ady berlen imperatorlyk tagty “Takamikura” çykdy

Ýapon şa aýaly Masako hem resmi taýdan Miçoodai tagtyna çykdy

190 ýurtdan we halkara guramalardan 2 müňe golaý adamyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada çykyş eden 59 ýaşyndaky Imperator Naruhito “Konstitutsiýa laýyklykda hereket etjekdigimize, döwletiň we ýapon halkynyň jebisliginiň simwoly hökmünde jogapkärçiliklerimi ýerine ýetirjekdigime söz berýärin” diýdi.

Nahuhitonyň tagta çykma dabarasyna Türkiýäniň adyndan Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý hem gatnaşdy

Naruhito kakasynyň saglyk ýagdaýy sebäpli 30 ýyllyk imperatorlygyny 1-nji maýda kabul edip alypdy

Ýapon hökümeti, Naruhitonyň Takamikura oturmagy bilen ýurtda 550 müň tussaglynyň günäsiniň geçilendigini mälim etdi.


Etiketkalar: #tagt , #Imperator , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar