Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Owganystanyň Uruzgan welaýatynyň Gizab etrabynda Talibana agza terrorçylar bilen howpsyzlyk gullukçylarynyň arasynda bolan çaknyşykda 20 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy

1291736
Owganystanda Talibanyň hüjümleri dowam edýär

Uruzganyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Hattab Hanjar, metbugata beren beýanatynda, Talibana agza terrorçylaryň Gizab etrabynyň merkezine hüjüm guramagyndan soň çaknyşygyň başlandygyny aýan etdi.

Soňky 48 sagadyň dowamynda bolan çaknyşyklarda 20 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny aýdan Hanjar, mundan başgada 18 terrorçynyň öldürilendigini, 22 terrorçynyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümiň netijesinde ençeme harby birikmäni basyp alandyklary öňe sürüldi.


Etiketkalar: #Taliban , #Uruzgan , #Owganystan

Degişli Habarlar