Russiýanyň Premýer ministri Serbiýada saparda bolýar

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew, Serbiýanyň ýurdunyň seýrek dostlarynyň biridigini belledi

1291134
Russiýanyň Premýer ministri Serbiýada saparda bolýar

Dmitriý Medwedew, Serbiýanyň paýtagty Belgrada guran saparynyň çäginde, ülkäniň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Medwedew, iki ýurdyň arasynda ikitaraplaýyn düşünişmegiň bardygyny belläp geçdi.

Kosowa meselesiniň üstünde durup geçen Medwedew: “Serbiýanyň territorial bütewiligini we özygtyýarlygyny goldaýarys. Dostlarymyz tarapyndan kabul edilen kararlara hormat goýarys, olara goşulmaýarys. Russiýa hökmünde dostumyz diýip biljegimiz ýurtlaryň sany azdyr. Serbiýa seýrek dostlarymyzyň biridir” diýip habar berdi.

Duşuşgyň barşynda energetika taslamalaryny ele alandyklaryny aýdan Medwedew: “Türk Akymy taslamasynyň başlangyjyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu taslama ençeme adamy iş orunlary bilen üpjün eder” diýip mälim etdi.

Aleksandr Wuçiç hem öz gezeginde, Serbiýa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky 10 ýylyň iň ýokary derejesine ýetendigini belläp: “Bu gatnaşyklar biz üçin örän möhüm. Sebäbi bular ýaly uly bir döwletiň eýe çykýandygyny bilmegimiz bizi arkaýyn edýär” diýip nygtady.

Russiýanyň Serbiýa berýän goldawynyň üstünde durup geçen Wuçiç: “Siziň goldawyňyz we ykdysady ösüşimiziň saýasynda Serbiýanyň goşunyny abraýly derejä ýetirdik. 45 ýyl bäri satyn alyp bilmedigimiz dikuçarlara almaga mümkinçilik tapdyk” diýip aýan etdi.

Dmitriý Medwedew saparynyň çäginde, serbiýaly kärdeşi Ana Brnabiç bilen hem duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar