Russiýa ABŞ-na nota berdi

"Rus halk deputaty Inga Ýumaşewa Nýu-Ýorkyň howa menzilinde saklandy we FBI tarapyndan sorag edildi"

1282838
Russiýa ABŞ-na nota berdi

 

Russiýa ABŞ-na baran rus halk deputatynyň Fedral howpsyzlyk gullugy FBI tarapyndan sorag edilendigi sebäpli ABŞ-na protest notasyny berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, rus halk deputaty Inga Ýumaşewanyň Nýu-Ýorkyň howa menzilinde saklanandygy we FBI tarapyndan sorag edilendigi nygtaldy

Beýannamada Ýumaşewanyň Rus parlamentiniň aşakky ganady Dumada Amerikan kongresi bilen edilýän gatnaşyklaryň utgaşyklygyndan jogapkärdigi ýatladyldy.

Beýannamada “ABŞ waka sebäpli protest notasyny berdik. Bu waka Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary has-da dartgynlaşdyrmagy maksat edinýän, Russiýa we onyň halk deputatlaryna garşy edilen duşmançylykly aksiýadyr” diýildi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Federal Mejlisi Döwlet dumasynyň başlygy Wolodin hem ady agzalýan wakany “prowakasiýa” hökmünde häsiýetlendirdi we “ABŞ-nyň bu hereketi halkara jogapkärçiliklerini basgylaýandygyny görkezýär” diýdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa , #nota bermek

Degişli Habarlar