Nigeriýada Boko Haramyň hüjüminde 16 adam ýogaldy

Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan hüjümde 16 adam ýogaldy

1282511
Nigeriýada Boko Haramyň hüjüminde 16 adam ýogaldy

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä, adynyň aýan edilmegini islemedik harby resmileriň biri, terror guramasynyň ýurdyň Borno welaýatynyň Mauro obasyndaky harby birikmä hüjüm gurandygyny habar berdi.

Harby resmi, hüjümde 11-i esger bolmak bilen jemi 16 adamyň ýogalandygyny aýan edip, köp sanda adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.

Hüjümden soň 2 esgeriň dereksiz ýitendigini aýdan resmi, guramanyň esgerlere degişli ýaraglary alyp gaçandygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan Nigeriýanyň Harby-howa güýçleriniň metbugat serkerdesi Ibikunle Daramola, Çad kölüniň golaýynda gurama degişli ýerlere howa hüjümleriniň guralandygyny mälim etdi.

Daramola operasiýanyň netijesinde gurama degişli bazanyň ýer bilen ýegsan edilendigini, gurama agza köp sanda terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýan etdi.



Degişli Habarlar