Bagdadyň gubernatory wezipesinden çekildi

Yrakda Bagdadyň gubernatory Felah El-Jezairiniň wezipesinden çekilendigi aýan edildi

1282717
Bagdadyň gubernatory wezipesinden çekildi

Yragyň Döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Bagdadyň welaýat mejlisi, gubernatoryň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny maslahatlaşmak üçin ýygnandy. 

Maslahatda geçirilen sese goýulşykda, mejlisiň 59 agzasynyň ses birligi bilen Bagdadyň gubernatory Jezairiniň arzasy kabul edildi. Gubernator wezipesine dalaşgär bolmak isleýänler üçin bolsa 5 gün möhletiň berilendigi beýan edildi. 

Jezairi ýurdyň ozalky Premýer ministrlerinden Nuri El-Malikiniň liderligindäki Kanun döwleti şärikliginiň agzasydy. 

 



Degişli Habarlar