Russiýa, Idlibde asuda ilata garşy 24 gün soň ýaňadandan howa hüjümini gurady

Asada tabynlykdaky güýçler we Russiýa tarapyndan guralan hüjümlerde asuda ilatdan 1300-den gowrak adam ýogaldy

1282345
Russiýa, Idlibde asuda ilata garşy 24 gün soň ýaňadandan howa hüjümini gurady

Siriýada Asata tabynlykdaky güýçlere goldaw berýän Russiýa, Idlibde asuda ilata garşy 24 gün soň ýaňadandan howa hüjümini gurady

Harby oppozisionerleriň berýän maglumatyna görä, Russiýa degişli harby uçarlar 24 gün soň Idlibiň günortasynda ýerleşýän Ballise obasyna ertiriň irki sagatlarynda 5 howa hüjümini gurady

Rus harby uçarlary soňky gezek 11-nji sentýabrda Idlibiň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Derkuş etrabynyň Dahyr we Kefer Mares obalaryny bombalapdy

Asada tabynlykdaky güýçler hem Idlibiň günortasyna hüjüm guraýar

Hazarin, Rikaýa, Şyh Mustafa, Nukeýir obalary ertiriň irki sagatlarynda Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan nyşana alyndy

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17-de baglaşylan ylalaşyga garamazdan, Idlibde çaknyşyksyz zolakda Asada tabynlykdaky güýçler we Russiýa tarapyndan guralan hüjümlerde asuda ilatdan 1300-den gowrak adam ýogaldy

Hüjümler sebäpli Türkiýe serhediniň golaýyna göçenleriň sany bolsa 1 million 42 müň adama ýetdi.



Degişli Habarlar