“Astana formatynyň agzalary bilen Siriýada syýasy tapgyry başlatdyk”

Russiýaynň Waldaý klugynyň 16-njy maslahatyna gatnaşdy

1281710
“Astana formatynyň agzalary bilen Siriýada syýasy tapgyry başlatdyk”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin BMG-niň goldaw bermeginde Astana formatynyň agzalary bilen Siriýada syýasy tapgyry başlatmagyň hötdesinden gelendiklerini aýtdy.

Russiýanyň Soçi şäherinde guralan Waldaý klubynyň 16-njy halkara maslahatyna Putin bilen bilelikde Gazagystanyň Prezidenti Kassym Žomart Tokaýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Iordaniýanyň Şasy Abdulla 2-nji we Filippiniň döwlet Ýolbaşçysy Rodrigo Duterte gatnaşdy.

Putin maslahatda sözlän sözünde Siriýa meselesine ünsi çekip, ýurduň birnäçe ýylyň dowamynda terrorçylardan saplanandygyny we çaknyşyklaryň diýseň azalandygyny aýtdy.

Siriýa meselesiniň sebitleýin dartgynlyklaryň çözülmegine nusga bolup biljekdigine ünsi çeken Putin: “BMG-niň goldaw bermeginde Astana formatynyň agzalary bilen Siriýada syýasy tapgyry başlatmagyň hötdesinden geldik. Eýran, Türkiýe, Ysraýyl, Saud Arabystany, Iordaniýa, Ýakyn Gündogar Ýurtlary we ABŞ bilen güýçli aragatnaşyklary ýola göýdük” diýdi.

Putin: “Siriýa meselesinde halkara hukuga we ýurduň özygtyýarlylygyna sarpa göýdük, halkyň howpsyzlygyny göz öňünde tutup, hyzmatdaşlarymyz bilen köp sanly işi durmuşa geçirdik. Aziýa bilen bilelikde dünýädäki beýleki meseleleriň hem şol garaýyşlara laýyklykda çözülip bilinjekdigine doly ynanýaryn” diýdi.

Iordaniýanyň Şasy Abdullah 2-nji bolsa Palestina meselesine ünsi çekip, Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky düşnüşmezligi ortadan aýyrmagyň ýeke-täk ýolunyň “iki döwletli çözgütdigini” nygtady.

Iýerusalimiň musulmanlar we Hristiýanlar üçin eýe bolan ähmiýetine ünsi çeken Abdullah; “İýerusalimiň geljegine alada bilen garaýarys. Ähli ýurtlar Iýerusalimiň parahatçylygyň şäheri hökmünde goralmagyndan jogapkär” diýdi



Degişli Habarlar