Hytaý Halk Respublikasy garaşsyzlygynyň 70 ýyllygyny belläp geçýär

Paýtagt Pekinde geçirlen harby çärede ýurduň ýadro we gipersonik raketalary sergilendi

1279444
Hytaý Halk Respublikasy garaşsyzlygynyň 70 ýyllygyny belläp geçýär

Hytaý Halk Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 70 ýyllygy mynasibetli paýtagt Pekinde geçirlen harby çärede ýurduň ýadro we gipersonik raketalary sergilendi

Paýtagt Pekinde ýerleşýän Tienanmyn meýdanynda 1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döredilen Hytaý Halk Respublikasynyň 70 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Müňlerçe esgeriň gatnaşmagynda geçirlen harby çärede gury ýer ulaglary we ýadro raketalary ünsleri özüne çekdi.

Hytaýyň Premýer ministri Li Kiçiangyň gatnaşmagyndaky harby çäre, 70 top okunyň atylmagy bilen başlady

Hytaýyň döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň Döwlet başlgy Sinping çykyş etdi.

Döwlet başlygy, çykyşynda geçen 70 ýyllyk döwürde ýurduň gazanan üstünliklerini gürrüň berdi

Geçen 70 ýylda Hytaýyň uly öňe gidişlik edendigini aýdan Döwlet başlygy, “Hiçbir güýç biziň ene watanymyzyn statusyny üýtgedip bilmez. Hiçbir ýurt hytaýyň halkynyň galkynyşyna böwet bolup bilmez” diýdi.

Hytaýyň garaşsyzlygynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dowam eder

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #esger , #garaşsyzlyk , #Hytaý

Degişli Habarlar