Liwiýada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Liwiýanyň suw giňişliginde 50 bosguny daşaýan gaýyk batdy

1278229
Liwiýada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

BMG-nyň Halkara Bosgun guramasynyň Liwiýadaky şahamçasynyň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Liwiýanyň suw giňişliginde 50 adamy daşaýan bir gaýygyň batandygy we halas ediş toparlaryň wakanyň bolan ýerine gönükdirilendigi mälim edildi.

Halas ediş işlerinden soň ýolagçylara lukmançylyk we azyk kömeginiň berilmäge taýardygy aýdylýan beýanatda, batan gaýykdaky adamlaryň saglyk ýagdaýlary barada bolsa maglumat berilmedi.

Liwiýa, ýurtdaky howpsyzlyk we durnuksyzlyk sebäpli Ýewropa Ortaýer deňiziniň üsti bilen geçmek isleýän bosgunlaryň iň köp ulanýan ýurtlaryň biri hökmünde bilinýär.


Etiketkalar: #gaýyk , #bosgun , #Liwiýa

Degişli Habarlar