"Türkiýe howpsyz zolak meselesinde mamla"

Sergeý Lawrow, Siriýanyň demirgazygynda döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak meselesinde Türkiýäniň mamladygyny aýtdy

1277891
"Türkiýe howpsyz zolak meselesinde mamla"

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Siriýanyň demirgazygynda döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak meselesinde Türkiýäniň mamladygyny aýtdy.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Lawrow, metbugata beýanat berdi.

Siriýanyň demirgazygynda döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak we Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikler hakyndaky soraga jogap beren Lawrow : “Ankara bu meselede mamla, sebäbi ABŞ-nyň gözegçiligi astyndaky etrapçalardan geçýän terrorçylar sebäpli uly kynçylygy başdan geçirýär” diýip jogap berdi.

Siriýanyň territorial bitewiligi we özbaşdaklygy bilen arabaglanşykly bolandygy üçin  howpsyz zolak meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny we bu meselede iki ýurt bilen hem gepleşik geçirýändiklerini aýdan Lawrow, “Amerikalylaryň sebitdäki kürtleri ulanýandygyny” belledi.

Lawrow ABŞ-nyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşjak käbir rus diplomatlaryna wize bermändigi sebäpli resmi Moswanyň ABŞ-da degişli jogaby berjekdigini ýatlatdy

 

 



Degişli Habarlar