"Yrakdan goňşy ýurtlara hüjüm guralmagy rugsat berilmez"

Berhem Salih ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda çykyş etdi

1276774
"Yrakdan goňşy ýurtlara hüjüm guralmagy rugsat berilmez"

 

Yragyň Prezidenti Berhem Salih, ýurdundan goňşularyna hüjüm guralmagyny kabul etmejekdiklerini aýtdy.

Berhem Salih ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda çykyş etdi.

Salih çykyşynda “Ýakyn Gündogarda söweşler we çaknyşyklar başdan geçirilýär, bilelikde şol krizisleriň hötdesinden gelip bileris. Yrak ýurdundan goňşy ýurtlara hüjüm guralmagyny kabul etmez” diýdi.

Yrakda oňyn wakalaryň başdan geçirilýändigini aýdan Prezident Salih “Ýurdumyzyň howpsyzlygy we durnuklylygy Pars aýlag we sebitde ýerleşýän ýurtlarynyň howpsyzlygyna bagly” diýdi.

Yragyň Arap  ýurtlary bilen birlikde sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlar bilen edýän gatnaşyklarynyň ösýändigini nygtan Salih, “Eýran we demirgazyk goňşymyz Türkiýe bilen edýän özara gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendirmek üçin tagalla edýäris” diýip belledi.

Yragyň Prezidenti dünýadaki galplyga we radikal pikirlere garşy göreşilmegi üçin halkara koalisiýanyň döredilmegi barada çagyryş berdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar