Britaniýa, Saud Arabystanynda nebit önümçilik desgalaryna guralan hüjümi ýazgarýar

Boris Jonson, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1271728
Britaniýa, Saud Arabystanynda nebit önümçilik desgalaryna guralan hüjümi ýazgarýar

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen nebit önümçilik desgalaryna guralan hüjüm hakynda pikir alyşdy

Britaniýa tarapyndan mesele hakynda berlen beýannama görä, Premýer ministri Boris Jonson, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Premýer ministr Jonson, telefon söhbetdeşliginde, Britaniýanyň, Saud Arabystanynyň milli nebit firmasy Aramko degişli nebit önümçilik desgalaryna guralan hüjümi ýazgarýandygyny we Saud Arabystanyna goldaw berýändigini aýtdy.

Jonson, Salmana hüjüme garşy halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek barada çagyryş berdi.

Saud Arabystanynyň milli nebit firmasy Aramko degişli 2 nebit önümçilik desgasyna şenbe güni uçarmansyz ýaragly howa ulagy bilen guralan hüjümden soň ýangyn bolupdy

 



Degişli Habarlar