Fransiýa Eýranyň dartgynlyga sebäp boljak başlangyçlarynyň öňüni alynmalydygyny beýan etdi

Britaniýa bolsa Eýranyň Prezidentiniň beýanatyna alada bildirdi

1264731
Fransiýa Eýranyň dartgynlyga sebäp boljak başlangyçlarynyň öňüni alynmalydygyny beýan etdi

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Agnes Won Der Mýuhll Eýranyň wadalaryna bap gelmeýän we dartgynlygyň öňüniň alynmagyna zyýan ýetiriji başlangyçlarynyň öňüniň alynmalydygyny aýtdy.

Mýuhll beren ýazmaça beýanatynda Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň ýadro ylalaşygyny we kämilleşdirmäni çäklendirmek boýunça wadalary “bir gyra goýandyklary” baradaky beýanaty hakynda: “Eýranyň wadalaryna bap gelmeýän we dartgynlyga sebäp boljak başlangyçlardan çetde durmaly” diýdi.

Metbugat sekretary Mýuhll ýurdunyň Ruhaniniň beýanatyny şol çäkde hyzmatdaşlary we Halkara Atom Energiýasy Gullugynyň wekilleri bilen seljerjekdiklerini beýan etdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi bolsa Eýranyň ýadro barlaglaryny we maksatnamalaryny çäklendirmegi bes etmeginiň iňňän aladalandyryjydygyny beýan etdi.

Ministrlikden berilen beýanatda Eýranyň hökümetiniň ýadro ylalaşygynyň şertlerini bes etmegine reaksiýa görkezildi.

Beýannamada: “Eýranyň ýadro barlaglarynyň we kämilleşdirmeleriniň çäklendirmelerini bes etmegi iňňän aladalandyryjy. Ýewropaly we halkara hyzmatdaşlarymyz Eýran bilen bagly dartgynlygy azaltmagyň üstünde işleýärkä Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça wadalaryny bes etjekdigi baradaky başlangyjy tamalary puja çykarýar” diýilýär.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani düýn ýadro ylalaşygynyň we kämilleşdirmäniň çäklendirilmegi baradaky wadalaryny “bir gyra goýandyklaryny” we bu ugurda ýurduň bähbidine bolan başlangyçlara girişjekdiklerini beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar