Bagama adalarynda Dorian tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 30-a ýetdi

Bagama adalaryna ýaramaz täsir ýetiren Dorian tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 30-a ýetdi

1264697
Bagama adalarynda Dorian tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany 30-a ýetdi

Bagama adalarynyň Premýer ministri Hubert Minnis beren beýanatynda, tupan sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň 30-a ýetendigini habar berdi.

Sebite häzirki wagta çenli baran iň uly tupan hökmünde bellige alynan Dorian tupany, Bagama adalaryna uly zyýan ýetirdi, müňlerçe adam öýsiz galdy.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän Bagama adalarynda ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Bagama adalarynda 70 müň adamyň gyssagly ýagdaýda azyk önümlerine we arassa suwa mätäçliginiň bardygyny aýdan BMG sebite 8 tonna azyk önümlerini iberer.

ABŞ-nyň gündogar kenarlaryna baryp ýeten, güýjäp kategoriýasy 3-e ýeten we birnäçe wagtdan soň kategoriýasy ýaňadandan 2-ä peselen Dorian tupany, Günorta we Demirgazyk Karolina ştatlarynda täsirli bolmaga dowam edýär.  


Etiketkalar: #tupan , #Dorian , #Bagama adalary

Degişli Habarlar