Eýran 7 sany balykçy gämisini saklady
Eýran Ormuz bogazynyň günortasyndaky Kask etrabynda tral usuly bilen balyk awlaýan 7 sany balykçy gämisini saklady

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Deňiz güýçleri serkerdeliginden berilen ýazmaça beýannamada Ormuzgan welaýatynyň Kask şäheriniň ýalpaklarynda tral usuly bilen balyk awlaýan 7 sany balykçy gämisiniň guralan operasiýada saklanandygy habar berildi.
Beýannamada 7 gämidäki daşary ýurtly 24 adamyň hem kazyýet işleriniň ýerine ýetirilmegi üçin degişli edaralara gowşurylandygy nygtalýar.
Saklanan daşary ýurtlularyň raýatlyklary barada bolsa maglumat berilmedi.
Degişli Habarlar

Dünýäde Wirusa Ýoluganlaryň Sany 98 Million 109 Müň Adamdan Geçdi
Italiýada epidemiýa sebäpli 84 müň 202 adam ýogaldy, 2 million 428 müň 221 adam hem hasaba alyndy

Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 98 million 109 müň adama ýetdi
Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 70 million 517 müň adama ýetdi