Kosowada 6-njy oktýabrda irki saýlawlar geçirler

Prezident Haşim Taçi, irki saýlawlaryň 6-njy oktýabrda ýekşenbe güni geçirilmegi barada karar kabul etdi

1258964
Kosowada 6-njy oktýabrda irki saýlawlar geçirler

Kosowanyň Prezidenti Haşim Taçi, irki saýlawlaryň 6-njy oktýabrda ýekşenbe güni geçirilmegi barada karar kabul etdi.

Mesele hakynda berlen beýanatda, Taçiniň konstitutsiýa we kanuny jogapkärçiliklere esaslanyp, irki saýlawlaryň 6-njy oktýabrda ýekşenbe güni geçirilmegi barada karar kabul edendigi nygtaldy.

Kosowanyň Merkezi saýlaw komisiýasyna, Prezident tarapyndan tassyklanan karara laýyklykda, irki saýlawlar üçin degişli çäreleriň görülmegi barada görkezme berlendigi bellenildi.

Kosowanyň Mejlisinde 22-nji awgustda geçirlen sese goýulşykda, sesleriň köplügi bilen irki saýlawyň geçirilmegi barada karar kabul edilipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar