Putin ABŞ-dan abanýan howplara garşy çäre görülmegi üçin görkezme berdi

Putin şol görkezmäni Howpsyzlyk geňeşiniň mejlisinde berdi

1257465
Putin ABŞ-dan abanýan howplara garşy çäre görülmegi üçin görkezme berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurdunyň edara-kärhanalaryna ABŞ-dan abanýan howplaryň derejesini analiz edilmegi we degişli çäreleriň görülmegi üçin görkezme berdi.

Putin Howpsyzlyk geňeşiniň mejlisinde ABŞ-nyň Orta aralykly ýadro güýçler ylalaşygynyň çäginde gadagan edilen orta aralykly raketa synagyny geçirmegi barada garaýyşlaryny beýan etdi.

ABŞ-nyň Rumyniýada we Polşada K-41 raketa desgalarynyň bardygyny ýatladan Putin: “Ylalaşygyň düzgünleri bozuldy, oňa garşy durmaklary mümkin däl. Muny olaryň özleri beýan etdi. ABŞ ozal beýan eden aladalarymyzyň ýerliklidigini tassyklady” diýdi.

Putin ABŞ-nyň Orta aralykly ýadro güýçler ylalaşygynyň çäginde gadagan edilen raketalary düýnýäniň dürli sebitlerine ornaşdyrmagy meýilleşdirendigini öňe sürüp: “Amerikaly resmiler täze ulgamlarynyň Aziýa-Ýuwaş Umman sebitinde ornaşdyryljakdygyny beýan edýär. Ol biziň başlangyç bähbitlerimize zyýanly täsir ýetirýär, sebäbi adybir sebitler Russiýanyň serhetlerine ýakyn” diýdi.

Russiýanyň ykdysady taýdan agyr ýarag bäsleşigine girmek islemeýändigine ünsi çeken Putin, emma ýurduň howpsyzlygyny üpjün etmegiň dowam etjekdigini nygtady.

Putin: “Bar bolan şertlere laýyklykda Goranmak, Daşary işler ministrlerine we beýleki guramalara ABŞ-nyň emele getirýän howp derejesini analiz etmekleri hem-de degişli çareler üçin taýarlyklary bolmaklary üçin görkezme berýärin” diýdi.



Degişli Habarlar